Zarif Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8511-zarif_owganystanyň_daşary_işler_ministrliginiň_başlygy_bilen_telefon_arkaly_söhbetdeşlik_geçirdi
Eýranyň Daşary işler ministri we Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji resmisi ikitaraplaýyn gatnaşyklar we dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 19, 2020 12:20 Asia/Ashgabat
  • Zarif Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Eýranyň Daşary işler ministri we Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji resmisi ikitaraplaýyn gatnaşyklar we dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, çarşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif we Owganystanyň Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetiriji Muhammet Hanif Atmar telefon arkaly söhbetdeşlikde Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleri, owganlaryň arasynda daşary ýurt gatyşmazdan gepleşik geçirmegiň zerurlygy we soňky 18 ýylda gazanylan üstünlikleri gorap saklamak, şeýle hem Eýranyň parahatçylyk etabyna gatnaşmaga taýýarlygy barada pikir alyşdylar.

Zarif we Atmar, şeýle hem, Eýran bilen Owganystanyň arasynda giňişleýin ylalaşygyň gutarnyklydygyny ara alyp maslahatlaşdylar.