prezident Ruhani Eýranda Lukman gününi gutlady
(last modified Sat, 22 Aug 2020 14:52:12 GMT )
Aug 22, 2020 19:52 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani Eýranda Lukman gününi gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ýurtdaky ähli lukmanlary Lukmanlar güni bilen gutlamak bilen Lukmançylyk jogapkärçiligini kabul etmek batyrgaý durmuşyň aýdyň suratydyr diýip beýan etdi.

Şu gün (şenbe) Eýranda "Abu Ali Sina" akyldarynyň doglan güni bilen zamandaş onuň ýazgylar we lukmançylyk ylymlaryna eden hyzmatlary we lukmanlary hormatlamak üçin lukman güni bellendi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani bir sargyt boýunça bu ýylky lukmanlar güni, Eýranyň eziz halkynyň şahsy durmuşyny berk goran gahrymanlary hormatlamak üçin bir pursatdygyna yşarat edip olar öz watandaşlaryny keselden halas etmek üçin öz janlaryndan geçdiler we batygaýlyk bilen meýdanyň ortasynda durdular diýip nygtady.

Ruhani lukmanlaryň jogapkärçiligine, pidakärligine we edermenligine we "Eýranyň buýsançly saglyk ulgamynyň" ähli sütünlerine ýokary baha bermek bilen Milletiň taryhy ýady bu pidakärçilikleri watan gahramanlaryň derejesine ýetirer diýdi.

Şeýle hem Eýranyň prezidenti, Korona garşy Milli ştab ýygnagynda we Lukmanlar güni mynasybetli saglyk pudagyndaky üç şehitiň maşgalasyna minnetdarlyk bildirdi.

Eýranly alym Abu Ali Sina dürli ugurlarda 450 kitap ýazdy, köpüsi lukmançylyk we pelsepe hakda.