Aug 28, 2020 17:17 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian:Täze ortagündogar Amerikany sebitden çykarmak arkaly emele geler

Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Täze ortagündogar Amerikanyň sebitden çykarylmagy bilen dörär diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň mejlisiniň başlygynyň halkara meseleler boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Amir-Abdollahian anna güni twit ýazyp, ABŞ-nyň Eýran işleri boýunça öňki wekili Brýan Hukyň BAE-Ysraýyl gatnaşyklarynyň täzeden başlamagynyň täze ortagündogary emele getirendir diýen sözüne yşarat edip Ak tamyň hökümdarlary täze ortagündogaryň ABŞ-nyň sebitden çykarylmagy bilen emele geljekdigini bilmelidirler diýdi.

Amir Abdullahian sözüniň dowamynda Täze ortagündogar Amerikaly süýt sagýanlardan boş bolan sebitidir diýip beýan etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň tagallalarynyň yzy bilen Abu Dabi bilen Tel Awiw 13-nji awgustda arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda ylalaşdylar.

Tags