Eýran-Türkiýe ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek kararyna geldiler
(last modified Tue, 08 Sep 2020 16:14:14 GMT )
Sep 08, 2020 21:14 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Türkiýe ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek kararyna geldiler

Eýran bilen Türkiýäniň Strategiki gatnaşyklar boýunça ýokary geňeşiň altynjy mejlisiniň ahyrynda Eýranyň we Türkiýäniň prezidentleri öz beýanynda Tehran bilen Ankaranyň umumy bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegini we giňelmegini nygtadylar.

Eýran-Türkiýe Strategik gatnaşyklarynyň ýokary geňeşiniň altynjy ýygnagy sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhaniniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň bilelikdäki baştutanlygynda geçirildi we oňa birnäçe ministr gatnaşdy.

Bilelikdäki beýanynda Eýranyň we Türkiýäniň prezidentleri iki ýurduň korona epidemiýasynyň öňüni almak üçin zerur derman we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmekde hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler.

Eýranyň we Türkiýäniň prezidentleri hem bähbitlerden doly peýdalanmagyň, özara bähbitlere esaslanýan ýeňillikli söwda şertnamasynyň gerimini giňeltmegiň, söwdagärler üçin maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmagyň möhümdigini aýtdylar.

Beýanata görä, Ruhani we Ärdogan, energiýa pudagynyň ähmiýetini belläp, özara bähbitlere esaslanýan bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Tags