Ruhani: Ak tamyň hökümdarlary adamkärçilikden daşdyrlar
(last modified Sat, 12 Sep 2020 08:23:35 GMT )
Sep 12, 2020 13:23 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Ak tamyň hökümdarlary adamkärçilikden daşdyrlar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Korona döwründe ABŞ-nyň eýran halkyna garşy berk sanksiýalarynyň girizilmegi barada aýdyp, Ak tamyň hökümdarlarynyň adamzadyň ysyny almaýandygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şenbe güni Korona garşy milli ştabyň mejlisinde dünýäniň Korona meselesinde hakykaty hemmelere görkezendigini aýdyp Korona krizisinden soň diňe bir drman gadaganlyklaryny ýatyrman, eýsem derman we sanjymlar üçin 5 milliard dollar karz almak üçin Eýranyň bildiren islegine böwet basdy we ABŞ muňa rugsat bermedi diýip nygtady.

Ruhani, Eýranyň pullarynyň dostlukly ýurtlaryň käbir banklarynda-da bardygyny, emma ABŞ-nyň basyşy sebäpli pullary Eýrana gowşurmakdan çekinýändiklerini aýtmak bilen bu hili jenaýat taryhda görlüp-eşidilen däldir diýdi.