Namdar Zanganeh: Eýran Amerika we sionistler bilen giň gerimli ykdysady söweşdedir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8756-namdar_zanganeh_eýran_amerika_we_sionistler_bilen_giň_gerimli_ykdysady_söweşdedir
Eýranyň Nebit ministri Namdar Zanganeh: Eýran Yslam Respublikasy Amerika we sionistler bilen giň gerimli ykdysady söweşde.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 15, 2020 11:39 Asia/Ashgabat
  • Namdar Zanganeh: Eýran Amerika we sionistler bilen giň gerimli ykdysady söweşdedir

Eýranyň Nebit ministri Namdar Zanganeh: Eýran Yslam Respublikasy Amerika we sionistler bilen giň gerimli ykdysady söweşde.

Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh su gün Yslam şura mejlisiň açyk maslahatynda birnäçe mejlis agzasynyň soragynyň jogabynda düzgüniň ähli elementlerinden, hökümetden, mejlisden we beýleki güýçlerden Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we sionistlere garşy göreşde agzybir we ylalaşykly hereket etmelidigini aýtdy.

Eýranyň Nebit ministri şeýle hem bu ministrligiň çydam ykdysadyýetini durmuşa geçirmekdäki işleri barada hasabat berip nebit pudagynda Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşinden öň käbir işler edilipdi, emma nebithimiýa we gaz pudagynda gazanylan üstünlikleriň hemmesi Eýran Yslam Respublikasynyň işiniň netijesidir diýdi.

Namdar Zanganeh Günorta Parsda şu wagta çenli 150 milliard dollar maýa goýlandygyny mälim etdi we gaz we nebithimiýa pudagynyň buýsanjynyň uzak möhletde Eýran Yslam Respublikasyna gaýdyp geljekdigini aýtdy.