Ruhani: ABŞ-nyň trigger mehanizmini işjeňleşdirmek synanyşygy netijesiz
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ABŞ-nyň trigger mehanizmini işjeňleşdirmek synanyşygyny şowsuz diýip hasaplady.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde ABŞ-nyň trigger mehanizmini işjeňleşdirmek ugrundaky tagallalaryna yşarat edip trigger mehanizmi ýadro ylalaşygyna agza ýurtlar üçindir we bu halkara şertnamadan ýüz öwüren ýurt, trigger mehanizmi barada garaýşyny beýan etmäge hukugy ýokdyr diýip nygtady.
Ruhani Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýran halkyna garşy täze dildüwşük gurmak isleýändigini aýdyp Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary we ilçi derejesinde üç Ýewropa ýurdy trigger mehanizminiň ulanylmagyna aç-açan garşy çykdylar; Hytaý we Russiýa hem öňdeligi eýeledi we Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki agzalarynyň diline aç-açan garşy çykdy, şonuň üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlary BMG Howpsuzlyk Geňeşinde Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak üçin kesgitlenen mehanizmleri ulanyp bilmedi diýip beýan etdi.