Ruhani: Bu gün dünýä ähliniň zorluga garşy durmak wagty bolandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ne gepleşikleri töňkäp biler, ne-de bize uruşy diýip, "Bu gün dünýäni zorlamaga we gorkuzmaga ýol bermezlik wagty geldi" -diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni gije (Tehran wagty) Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýyllyk mejlisinde wideo konferensiýa çykyşynda agalyk etmek we gegemoniýa döwrüniň gutarandygyny aýdyp Howpsuzlyk Geňeşiniň bu guramadan we onuň tassyklan 2231 kararyndan bir abzal hökümde haýyrlanmagyna iki gezek berklik bilen ýok diýmegi diňe Eýran üçin däl-de, Günbatardan soňky dünýäde halkara düzgüniň geçiş döwri üçin ýeňişdir diýip nygtady.
Eýranyň prezidenti, käbir şahsyýetleriň adam hukuklary barada gürleýändigini, ýöne iň ýokary basyş bilen ähli eýranlylaryň durmuşyny, saglygyny we hatda ýaşamak hukugyny nyşana alandygyny aýdyp Olar we olaryň ýaranlary Palestinada, Owganystanda, Yemende, Siriýada, Yrakda, Liwanda, Liwiýada, Sudanda we Somalide bolup geçen ähli uruşlara, basyp alyşlara we çozuşlara gönüden-göni gatnaşýarlar, emma Eýrany sebitiň halkynyň islegine garşy gutulgysyz ýeňilmegi üçin jogapkärçilige çekýärler diýip beýan etdi.