Ruhani: Saddamyň hyýallary we ýalňyş hasaplamalary şu gün ABŞ tarapyndan gaýtalanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ABŞ-nyň Tährana garşy alyp barýan ykdysady urşuna ünsi çekip, Ak tamyň hökümdarlarynyň hyýallaryny we ýalňyş hasaplamalaryny Saddam režiminiň weýran edilmegine sebäp bolan hereketleri hasaplady.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetiniň ýygnagynda Saddam režiminiň Yslam Eýrana garşy hüjüminiň esasy sebäbini "hyýallar we ýalňyşlyklar" diýip atlandyrmak bilen Saddam bu hyýallar we ýalňyşlyklar bilen masgara boldy we özüni ýok etdi we sebitdäki goldawçylarynyň her biri gelip, poşmanlygyny yglan etdiler diýdi.
Ruhani, buhyýallaryň şu gün Ak tamyň hökümdarlary tarapyndan gaýtalanýandygyny aýtmak bilen ABŞ hökümeti soňky iki ýylda şuňa meňzeş hyýallar we ýalňyşlyklar bilen netijesi aýdyň bolan doly ykdysady söweşe başlady diýdi.
Eýranyň prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Howpsuzlyk Geňeşinde we Birleşen Milletler Guramasynda Tährana garşy şowsuzlyklary barada durup geçip, häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň beýikligi we dünýäde ulumsulygy ýykylandyr diýip beýan etdi.
Ruhani, Eýran halkynyň berk durup, sekiz ýyllyk mukaddes goranyşda harby we goranyş meselesinde uly taryhy ýeňiş gazanandygyny aýtmak bilen häzirki wagtda Eýran halkynyň uly syýasy, hukuk we diplomatik üstünlikleri gazanandygyny nygtady.