Bagyry:Eýranyň howpsyzlygy strategik öňüni alyş çäreleriň netijesindedir
(last modified Sun, 24 Dec 2017 18:06:09 GMT )
Dec 24, 2017 23:06 Asia/Ashgabat
  • Bagyry:Eýranyň howpsyzlygy strategik öňüni alyş çäreleriň netijesindedir

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy ýurdyň howpsyzlygy we aramlygy strategik öňüni alyş çäreleriň netijesidir diýdi.

serdar serleşger Muhammet Bagyry şu gün Sepah pasdaranyň saýlanan barlagçylaryny gadyrlamak barada geçirilen ýygnakda beren gürrüňlerinde öňüni alyş çäreler Eýrana garşy hüjümleriň zyýanlarynyň onuň peýdasyndan gaty kän boljakdygyny duşmanlara duýdurýandyr diýip nygtady.

serdar serleşger Muhammet Bagyry şeýle-de yslam ynkylabynyň başa barmagy we ondan soňra ýüze çykan hadysalar uly şay alymlaryň ideýalarynyň netijesidir we ymam Homeýni(r) hezretleriniň ideýasynda öz beýanyny tapýandyr diýip sözüne goşdy.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy şeýle-de ýurdyň öňüni alyş kuwwatlylygynyň öňüniň alynmaly däldigini nygtap duşman tizlik bilen ösüp öňe barýandyr şoňa görä dünýäde ylmyň ösüşini yzarlap durmalydyr diýdi.