Makronyň dünýädäki parahatçylyga howp salýan we BMG-a duýduryş berýän gödek sözleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9173-makronyň_dünýädäki_parahatçylyga_howp_salýan_we_bmg_a_duýduryş_berýän_gödek_sözleri
Eýranyň mejlisiniň Adam hukuklary komiteti, söz azatlygy bahanasy bilen Fransiýanyň prezidentiniň gödek sözleri halkara parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýar we Birleşen Milletler Guramasyna çynlakaý duýduryş diýip hasaplady.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 28, 2020 22:36 Asia/Ashgabat
  • Makronyň dünýädäki parahatçylyga howp salýan we BMG-a duýduryş berýän gödek sözleri

Eýranyň mejlisiniň Adam hukuklary komiteti, söz azatlygy bahanasy bilen Fransiýanyň prezidentiniň gödek sözleri halkara parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýar we Birleşen Milletler Guramasyna çynlakaý duýduryş diýip hasaplady.

Çarşenbe güni Eýranyň Yslam şura mejlisiniň Adam hukuklary komiteti Fransiýanyň prezidentiniň Yslam pygamberini (saw) kemsitmek baradaky gödek hereketini ýazgardy we Birleşen Milletler Guramasyny şeýle aýylganç hereketlere garşy çynlakaý çemeleşmäge çagyrdy.

Yslam dinleriniň ýakynlaşmagy boýunça Bütindünýä Assambleýasy, duşman metbugatyň Yslam pygamberiniň mukaddes şanyny kemsitmek boýunça hereketlerini  we bu aýylganç wakadan arka  çykylmagyny ýazgardy.

Mundan başga-da, Tähranyň Nofel Loshato köçesindäki fransuz ilçihanasynyň öňünde müňlerçe Eýran halkynyň we okuwçysynyň ýygnanmagynyň soňky beýanynda, edepsiz Fransiýanyň prezidentine ýüzlenip taryhyň dowamynda Pygamberimiziň (saw) mukaddes barlygyna we Yslam dinine zeper ýetirmäge synanyşan pes we ýaramaz adamlar köp boldy ýöne taryh bu adamlaryň ebedi azaplaryny kesgitlemekden başga-da, bu dünýäde ýeňilmekden, kemsidilmekden we Masgaraçylykdan başga netijä ýetmändigini subut etdi getirilýär.