Ruhani: ABŞ-nyň täze administrasiýasy ýurtlar bilen gatnaşyklarynda ýoýulan keşbini bejermeli
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9280-ruhani_abŞ_nyň_täze_administrasiýasy_ýurtlar_bilen_gatnaşyklarynda_ýoýulan_keşbini_bejermeli
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: ABŞ-nyň täze administrasiýasy beýleki ýurtlara adamkärçiliksiz garamagy täzeden gözden geçirmeli diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 10, 2020 14:56 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: ABŞ-nyň täze administrasiýasy ýurtlar bilen gatnaşyklarynda ýoýulan keşbini bejermeli

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: ABŞ-nyň täze administrasiýasy beýleki ýurtlara adamkärçiliksiz garamagy täzeden gözden geçirmeli diýdi.

Hasan Ruhani sişenbe güni hökümetiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň mejlisinde ABŞ-da boljak wakalara ünsi çekip ABŞ-nyň täze administrasiýasy, halkara jemgyýetçiligindäki ýoýulan keşbini abatlamak üçin haýsydyr bir çäre görmezden ozal beýleki ýurtlara adamkärçiliksiz garamagy täzeden gözden geçirmeli diýip nygtady.

Ruhani ýygnakda Eýranyň goňşy ýurtlar bilen söwdasynyň aňsatlaşdyrylmagyny we çaltlaşdyrylmagyny hem nygtady.