Nov 30, 2020 20:22 Asia/Ashgabat
  • Eýran Şanhaý agzalaryny Çabahar-Zahedan demir ýoluna gatnaşmaga çagyrdy

Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalaryny Eýranyň günorta-gündogaryndaky Çabahar Zahedan iri demir ýol taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Yshak Jahangiri, duşenbe güni Hindistan tarapyndan wideo konferensiýa suratda gurnalan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň 19-njy mejlisinde, Çabahar portunyň we Owganystan bilen Merkezi Aziýa sebitiniň uguryndaky demir ýol aragatnaşygynyň ähmiýetini ýada salyp häzirki wagtda gowgaly dünýäde sebit institutlary sebit, global we hatda milli meseleleri dolandyrmak we çözmek üçin iň täsirli mehanizmlerden biridir diýdi.

Eýranyň birinji wise-prezidenti Çabahar portunyň ýerleşişini we ähmiýetini düşündirip: "Çabahar portunyň we Owganystanyň we Merkezi Aziýanyň ugry boýunça demir ýol birikmeleriniň ähmiýeti, Eýranyň ABŞ-nyň bikanun sanksiýalaryna garamazdan Çabahar-Zahedan demir ýolunyň gurluşygyna başlamagyna sebäp boldy" diýdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýun aýynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan we Özbegistan tarapyndan döredilen we 2017-nji ýylyň iýun aýynda Hindistan we Päkistan bilen birleşen halkara hökümetara guramadyr.

Eýran, Owganystan, Mongoliýa we Belarus Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçy agzalary.

Tags