Amerikanyň Eýran halkynyň çydamynyň garşysynda boýun bolmakdan başga çäresi ýok
(last modified Wed, 02 Dec 2020 11:46:02 GMT )
Dec 02, 2020 16:46 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň Eýran halkynyň çydamynyň garşysynda boýun bolmakdan başga çäresi ýok

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: "ABŞ-nyň iň ýokary basyş syýasatynyň ýeňilmegi bilen bu ýurduň täze hökümetiniň, Eýran halkynyň garşylygyna boýun bolmakdan başga çäresi ýok" -diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetiniň ýygnagynda ABŞ-nyň hökümetiniň 2018-nji ýyldan bäri BMG Howpsuzlyk Geňeşine Eýrana garşy hiç hili karar taslamasyny iberip bilmeýändigini aýtdy.

Prezident Ruhani  şeýle-de soňky ýyllarda Eýranyň döwleti şeýle bir şertleri we syýasy güýji döredendir welin Amerika BMG Howpsuzlyk Geňeşinde käwagt bir ýa-da iki sesden köp sesi gazanyp başarmandygyna yşarat edip Ýewropa Bileleşigi, Orsýet we Hytaý ýaly ähli esasy güýçler ABŞ-nyň Eýrana garşy kararlarynyň taslamasyna garşy çykdylar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözleriniň dowamynda hukuk pudagynda Eýranyň Halkara Kazyýetinde ABŞ-a garşy eden şikaýaty başlangyç tapgyrda üstünlikli boldy, elbetde soňky tapgyrda hem bu kazyýet işinde-de üstünlik gazanar diýip umyt edýäris diýdi.

Ruhani sözüniň üstüni ýetirdi: Häzirki ýagdaý Eýranyň goranyş güýjüni öňküsinden has güýçlendirdi we häzirki wagtda Eýranyň goranyş güýjini sekiz ýyl ozalky bilen deňeşdirip bolmaýar, esasanam deňiz, suwüsti gämiler, suwasty gämiler, howa, söweşijiler, dikuçarlar, raketalar we goranyş pudagyndaky strategiki ýaraglarda gaty ösendir.

Tags