Hatibzadeh: Eýranyň ýadro ylalaşykdaky pozisiýasy üýtgemez
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň ýadro şertnamasy baradaky pozisiýasy üýtgemez diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni habarçylar bilen wirtual söhbetdeşlikde Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýku Mossyň ýadro ylalaşygyň iş maslahaty barada eden soňky sözleriniň gaýtawulynda ýadro ylalaşyk barada bir gezek gepleşik geçirildi we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyndaky bar bolan şertnama üýtgemez diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Eýran ozal ara alnyp maslahatlaşylan meseläni täzeden ara alyp maslahatlaşmaz diýdi.
Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýku Moss Ak tamyň syýasatlaryna laýyklykda aýdan gürrüňlerinde Ýewropanyň bähbitlerini üpjün edip biljek Eýran bilen ýene bir ýadro şertnamasy zerurdyr diýipdi.
Hatibzadeh Ýewropanyň öz pozisiýasyny we mümkinçiliklerini ykrar etmelidigini we ony göz öňünde tutmalydygyny aýtmak bilen "Ýewropa ýadro ylalaşykdaky borçlaryny ýerine ýetirmedi" -diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Eýran özüniň milli howpsuzlygy barada ne gepleşik geçirer, ne-de ylalaşar dimek bilen Eýran öz hukuklaryndan we borçlaryndan habarlydyr we beýleki tarapa hukuklaryny we borçlaryny ýatlatýandyr, Iň ýokary basyş bilen gazanylmadyk zat beýleki usullar bilen hem gazanylmaz diýip beýan etdi.