Dec 14, 2020 17:45 Asia/Ashgabat
  • Zanganeh: Eýranyň nebit eksporty hiç wagt durmady

Eýranyň nebit ministri ABŞ-nyň ýurduň nebit pudagyna garşy sanksiýalaryna garamazdan, Eýran Yslam Respublikasynyň nebit önümçiligi hiç wagt durmady diýdi.

Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh duşenbe güni Eýranyň günortasyndaky Günorta Parsyň 11-nji burawlaýyş tapgyrynyň başynda sanksiýalaryň eýranly hünärmenleriň ýüz öwürmeýändigini subut edendigini aýtmak bilen Amerikanyň häzirki döwletiniň iň köp basyş eden nebit eksportynda-da Eýranyň nebit eksporty durmady diýdi.

Eýranyň Nebit ministri, nebit pudagynyň 11-nji tapgyryny ösdürmek baradaky şertnamadaky maksatlarynyň biriniň "basyşyň ýokarlanmagy" bolandygyna yşarat edip Basyşyň ýokarlanmagy önümçiligi saklamak üçin möhüm zerurlykdyr diýip beýan etdi.

Eýranyň Nebit ministriniň sözlerine görä, Günorta Parsdan öndürilýän önüm bir günde 700 million kub metrdyr we ýurduň umumy gaz önümçiligi bolsa bir günde bir milliard kub metre ýetýär.

IRNA-nyň habaryna görä, Günorta Parsyň 11-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy şu gün Nebit ministriniň gatnaşmagynda geçirildi.

2017-nji ýylda Günorta Parsyňyň 11-nji tapgyrynyň ösüş meýilnamasy üçin şertnama daşary ýurt kompaniýalary bilen gol çekildi, emma ABŞ-nyň ýadro şertnamasyndan çykmagyndan soň bu kompaniýalar Eýrany terk etdiler we 11-nji tapgyryň ösüş meýilnamasy Eýranyň bir kompaniýasyna berildi.

Tags