Şamhani: Sanksiýalary ýatyrmak Waşingtonyň şowsuz strategiýadan gaýdyp gelmeginiň ýeke-täk mümkinçiligidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9716-Şamhani_sanksiýalary_ýatyrmak_waşingtonyň_şowsuz_strategiýadan_gaýdyp_gelmeginiň_ýeke_täk_mümkinçiligidir
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Ýokary Geňeşiniň sekretary sanksiýalaryň doly we kesgitli ýatyrylmagyny Waşingtonyň ABŞ-nyň prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna garşy iň ýokary basyş strategiýasyndan gaýdyp gelmegi üçin ýeke-täk mümkinçilik hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 03, 2021 14:04 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: Sanksiýalary ýatyrmak Waşingtonyň şowsuz strategiýadan gaýdyp gelmeginiň ýeke-täk mümkinçiligidir

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Ýokary Geňeşiniň sekretary sanksiýalaryň doly we kesgitli ýatyrylmagyny Waşingtonyň ABŞ-nyň prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna garşy iň ýokary basyş strategiýasyndan gaýdyp gelmegi üçin ýeke-täk mümkinçilik hasaplady.

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Ýokary Geňeşiniň sekretary admiral Ali Şamhani ýekşenbe güni twitter hasabynda şeýle ýazdy: Amerikanyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegi ýaly ähmiýetsiz temany ulaltmak üçin alyp barýan düşünjeli söweşiniň soňy bolmaz.

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Ýokary Geňeşiniň sekretary şeýle-de  sanksiýalaryň doly we kesgitli ýatyrylmagy Waşington üçin ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň şowsuzlyga uçran "iň ýokary basyş" strategiýasyndan gaýdyp gelmek üçin ýeke-täk mümkinçilikdir diýip yglan etdi.