Ruhani: Günbatar demokratiýasy gowşak we esassyzdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ABŞ wakalaryny we bu ýurduň Kongresine edilen hüjümi Günbatar demokratiýasynyň gowşaklygynyň we esassyzlygynyň alamaty diýip atlandyrdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün beren gürrüňlerinde ABŞ-da geçen gije bolup geçen wakalara we Waşingtonda ABŞ-nyň Kongresiniň binasyna edilen hüjüme yşarat edip bu özgerişler Günbatar ýurtlarynda ylym we tehnologiýanyň ösmegine garamazdan populizmiň henizem bardygyny we populizm adamy 4 ýyl bäri öz ýurdunyň abraýyny gaçyrandygyny görkezdi diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda sagdyn bolmadyk adam (Donald Trump) ABŞ-da häkimiýete geçmek bilen bu ýurduň bütin dünýä bilen gatnaşyklaryna zeper ýetirdi we öz ýurduna, hem-de Günbatar Aziýa, Palestina, Siriýa, Yemen we dünýäniň ähli künjeklerineuly zarba urdy diýip beýan etdi.
Prezident Ruhani ABŞ Kongresindäki wakalaryň tutuş dünýä we iki hepdäniň içinde häkimiýete geçjek Ak tamyň geljekki hökümdarlary üçin sapak bolmagyny umyt etdi.
Çarşenbe güni agşam geçirilen prezident saýlawynda "saýlaw sesini" tassyklamak üçin geçirilen kongres diňlenişigi Prezident Donald Trumpyň tarapdarlarynyň kongrese hüjüm etmekleri bilen ýatyryldy.