Raisi: Milli korona sanjymy, Eýran halkynyň iň uly buýsanjydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9784-raisi_milli_korona_sanjymy_eýran_halkynyň_iň_uly_buýsanjydyr
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy milli korona sanjymyny, Eýran halkynyň iň uly buýsanjy hasaplamak bilen Köpçülikleýin önümçilikden soň ähli halklaryň ondan peýdalanyp biljekdigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 11, 2021 18:45 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Milli korona sanjymy, Eýran halkynyň iň uly buýsanjydyr

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy milli korona sanjymyny, Eýran halkynyň iň uly buýsanjy hasaplamak bilen Köpçülikleýin önümçilikden soň ähli halklaryň ondan peýdalanyp biljekdigini aýtdy.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Hojjatoleslam "Seýed Ybrahim Raisi" duşenbe güni ýokary Kazyýet işgärleriniň Geňeşiniň mejlisinde Eýranyň Amerikan we Iňlis sanjymlary üçin laboratoriýa däldigini aýtmak bilen sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: "Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Amerikan we Iňlis sanjymlaryny boýkot etmek meýilnamasy, adamlaryň durmuşyna garamazdan öz bähbitlerini ýöredýänlerden goramakdy."

Birinji etap Adam sanjymynyň kliniki gözlegleri Eýranly gözlegçiler tarapyndan "Kuo Iran Barakat" atly ilkinji korona sanjymy, meýletinçiler üçin 2020-nji ýylyň 29-njy dekabrynda başlandy.

Eýranyň korona sanjymy iki aýyň içinde birinji tapgyrda 56 meýletinçä sanjym edilmelidir.

Eýranyň kazyýetiniň başlygy, şeýle hem, Ukraina uçarynyň heläkçilige uçramagynyň soňky ýagdaýyna yşarat edip Ukraina uçarynyň heläkçilige uçramagynyň dosiýasyna ýetişiklik etmekde gyzyl çyzyk ýokdyr diýdi.

2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Ukrainanyň howa ýollaryna degişli ýolagçy uçary Tähranyň golaýynda heläkçilige uçrady, 167 ýolagçy we dokuz ekipaž agzasy öldi.

Uçardaky ýolagçylaryň köpüsi Eýranyň raýatlarydy we uçuşdaky 32 ýolagçynyň bäş ýurtdan: Kanada, Owganystan, Ukraina, Angliýa we Şwesiýadan pasportlary bardy.