-
Ruhani: Eýranyň islegi, Azerbaýjan respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek
Dec 09, 2020 15:25Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tehran bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklary gowy we doganlyk diýip atlandyrdy we: "Eýran Yslam Respublikasynyň islegi Azerbaýjan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek" diýdi.
-
Galibaf: Eýranyň döwleti tarapyndan kanunyň ýerine ýetirilmegi ugurynda Ýewropanyň gatyşmagy geň galdyryjydyr
Dec 08, 2020 18:50Eýranyň parlament başlygy üç Ýewropa ýurdunyň "Sanksiýalary ýok etmek üçin strategiki hereket" kanuny baradaky sözlerini tankytlady we şeýle diýdi: Ýewropalylaryň Eýran döwletinden sanksiýalardan boýun gaçyrmagyny talap etmegi geň galdyryjy ädimdir diýdi.
-
Rabiee: Täze sentrifugalary oturtmak, Eýranyň borçlaryny azaltmagyň çäginde
Dec 08, 2020 15:52Eýranyň döwletiniň metbugat sekretary Ýewropa Troikasynyň Natanzda täze sentrifugalary oturtmak baradaky aladasyna yşarat edip Eýranyň Natanzda 500 sentrifugany oturtmagy ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy sebäpli borçnamalaryň deňagramly azalmagyna laýyk gelýär diýdi.
-
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OWGAN YSLAM RESPIBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
Dec 08, 2020 15:442020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda TDIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi.
-
Eýranda koronadan ölenleriň sany 323 adama ýetdi
Dec 08, 2020 13:10Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 11000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 323 adamyň ölendigini mälim etdi.
-
Ruhani: Eýran soňky ýeňişe çenli Siriýanyň döwleti we halky tarapyndan durar
Dec 08, 2020 12:31Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: "Eýran Yslam Respublikasy, strategiki ýarany hökmünde Siriýanyň hökümetini we halkyny goldamak baradaky kararyny we islegini dowam etdirer we soňky ýeňişe çenli Siriýanyň ýanynda durar" -diýdi.
-
Zarif Pars aýlagyndaky goňşularyna ýüzlenýär: Eýran Günbatar bilen sebit barada gepleşik geçirmez
Dec 08, 2020 12:02Eýranyň Daşary işler ministri Pars aýlagyndaky goňşy ýurtlara ýüzlenip: "Eýran Yslam Respublikasy Günbatar bilen sebit barada gepleşik geçirmez" -diýdi.
-
Alyýew: Nagorno-Garabagyň weýran edilen ýerleri dostlukly ýurtlaryň gatnaşmagynda täzeden gurlar
Dec 08, 2020 06:43Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident Ylham Alyýew "Nagorno-Garabagda weýran bolan ýerleri dostlukly ýurtlaryň gatnaşmagynda täzeden gurarys we dikelderis" -diýdi.
-
Hatibzadeh: Eýranyň ýadro ylalaşykdaky pozisiýasy üýtgemez
Dec 07, 2020 17:19Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň ýadro şertnamasy baradaky pozisiýasy üýtgemez diýdi.
-
Azerbaýjan Respublikasy Eýrana gadyrdanlygyny bildirdi
Dec 07, 2020 16:03Azerbaýjan Respublikasy, goňşy ýurt hökmünde Eýranyň Nagorno-Garabag söweşinde beren goldawyndan kanagatlanma bildirdi.