-
Eýranyň prezidenti: Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda alyş-çalyşlarynyň mukdary birnäçe esse artmak mümkinçiligine eýedir
Feb 19, 2025 12:10Eýranyň prezidenti, dürli ykdysady, söwda, ylmy we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary hasaplamak bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmekde hiç hili päsgelçilik görmeýäris diýdi.
-
Kallas: Amerika Russiýanyň duzagyna düşmeli däldir
Feb 19, 2025 09:10Saud Arabystanynda geçirilen rus-amerikan gepleşiklerine jogap hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Kaýa Kallas ruslaryň parahatçylygy islemeýändigini aýtmak bilen Waşingtony Moskwanyň duzagyna düşmezlige çagyrdy.
-
Hamasyň metbugat sekretary: Ylalaşygyň indiki tapgyrlaryny durmuşa geçirmäge taýýar
Feb 19, 2025 08:32Hamas hereketiniň metbugat sekretary Hazem Kassem, hereketiň syýasy we şertnamanyň ikinji we üçünji tapgyrlaryny durmuşa geçirmek üçin syýasy we meýdany taýdan doly taýýardygyny aýtdy.
-
Aragçi, sebitdäki wakalar barada Yrak we Eýran resmileriniň arasynda geňeşmeleriň dowam etdirilmegini nygtady.
Feb 19, 2025 08:20Sişenbe güni, Eýranyň resmileri bilen maslahatlaşmak üçin Tährana gelen Halk mobilizasiýa güýçleriniň wekiliýetiniň başlygy Faleh Faýýaz bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Daşary işler ministri sebitdäki wakalar barada iki ýurduň resmileriniň arasynda dowamly geňeşmeleri geçirmäge çagyrdy.
-
Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleri Muskatda duşuşdylar
Feb 17, 2025 12:47Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi, Muskatda geçirilen Hindi ummanyň kenarýaka sammitiniň ikinji gününiň öňüsyrasynda Omanyň Daşary işler ministri Seýid Badr Al Busaidi bilen duşuşdy.
-
Ysraýylyň Uryş ministri: Bize howp salýan Palestina döwletiniň döredilmegine hiç haçan razy bolmarys
Feb 17, 2025 11:42Ysraýylyň Uruş ministri gazaply çykyşynda bu režimiň Palestina döwletiniň gurulmagyna berk garşydygyny aýtdy.
-
Eýran Yslam Respublikasyna garşy "G7"-yň talaplaryny ret etmek
Feb 17, 2025 09:37Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, G7-yň daşary işler ministrleriniň Eýran Yslam Respublikasyna garşy eden soňky aýyplamalaryny düýbünden ret etdi we bu aýyplamalary esassyz we jogapkärçiliksiz diýip häsiýetlendirdi.
-
Taht Rawançi: Howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Yrak bilen hyzmatdaşlyk zerurdyr
Feb 17, 2025 09:16Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy meseleler boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Majid Taht Rawançi Yraga bolan saparyň iki ýurduň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň çäginde bolandygyny aýtmak bilen, Howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Bagdat bilen utgaşdyrmak möhümdir diýdi.
-
EUB-niň daşary syýasat başlygy: Palestinalylaryň Gazada galmaga hukugy bar
Feb 15, 2025 10:17Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ysraýyl-Palestina konfliktini bes etmek meselesinde iki ýurduň çemeleşmesine ünsi çekdi we Palestinalylaryň Gazada galmaga hukugy bar diýdi.
-
Bakaý: ABŞ hökümetiniň eýranly immigrantlara eden garaýşy esassyz we adamkärçiliksizdir
Feb 15, 2025 09:57Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň hökümetiniň immigrantlara, şol sanda käbir eýran raýatlaryna kemsidiji çemeleşmesini esassyz we adam hukuklary standartlaryna ters diýip atlandyrdy.