• Özbegistan bilen Türkmenistanyň daşary işler ministrleri iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.

    Özbegistan bilen Türkmenistanyň daşary işler ministrleri iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.

    Dec 12, 2017 19:24

    Özbegistanyň daşary işler ministri Abdolaziz Kamilow Aşgabada gurnan saparynda türkmen kärdeşi Reşid Meredow bilen duşuşyp iki taraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.

  • Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky kynçylygyň çözgidi halkara kazyýete gowşuryldy

    Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky kynçylygyň çözgidi halkara kazyýete gowşuryldy

    Dec 06, 2017 18:59

    Eýranyň milli gaz şereketiniň ýerine ýetiriji müdiri Eýran bilen Türkmenistan bir-birlerinden talap edýän zatlary bardyr we bu mesele çözülmelidir emma Tehraniň garaýşyndan onuň soňky çäresi halkara kazyýete ýüzlenmekdedir diýip yglan etdi.

  • Türkmenistan döwleti Eýranda ýer titreme hadysasyna uçranlara ynsanperwer kömeklerini iberdi

    Türkmenistan döwleti Eýranda ýer titreme hadysasyna uçranlara ynsanperwer kömeklerini iberdi

    Nov 19, 2017 15:27

    Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Eýranyň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi.

  • Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge Eýran taýýardyr

    Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge Eýran taýýardyr

    Nov 16, 2017 18:09

    Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahindi goňşy ýurtlar ylaýtada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge Tehran döwletiniň taýýarlygyny yglan etdi.

  • Owganystan barada sebitleýin hyzmatdaşlyklar maslahaty Türkmenistanda geçirildi

    Owganystan barada sebitleýin hyzmatdaşlyklar maslahaty Türkmenistanda geçirildi

    Nov 14, 2017 18:02

    Owganystan baradaky sebitleýin hyzmatdaşlyklar maslahatynyň 7-nji nobaty Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda başlandy.

  • Aşgabatda Türkmen-Ýapon seminary geçidildi

    Aşgabatda Türkmen-Ýapon seminary geçidildi

    Oct 19, 2017 16:16

    2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (ANT) maslahatlar zalynda tebigy betbagtçylyklaryň howpuny gowşatmak boýunça türkmen-ýapon seminary geçirildi.

  • ÝHHG-niň Aşgabatda gurnan seminary

    ÝHHG-niň Aşgabatda gurnan seminary

    Oct 17, 2017 11:38

    Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar.

  • GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy

    GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy

    Oct 16, 2017 12:03

    Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine bardy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär

  • Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

    Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

    Oct 14, 2017 11:16

    Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna görä 2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça 7-nji Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda geçirilýän Akademik foruma gatnaşmak üçin iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adel Razyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk boldy.