Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň migrasiýa boýunça hyzmatdaşlygy
Türkmenistan "Migrantlara kömek" we "Tehniki hyzmatdaşlyk we serhet dolandyryşy" taslamalary boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýadaky Halkara Migrasiýa Guramasynyň (IOM) sebit utgaşdyryjysy Zinal Hajyýew bilen wirtual duşuşygynda Adatdan daşary ýagdaýlar bilen göreşmek üçin hyzmatdaşlygyň giňelmegi gözden geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň çäginde howpsuz we kanuny migrasiýa üçin çynlakaý çäreleri görjekdigini boýun aldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-nyň wekiline Aşgabadyň milli we halkara derejesinde sanly tehnologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek isleýändigini aýtdy.