ýaňadan Türkmenistandan Owganystana elektrik geçirilip başlandy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i1151-ýaňadan_türkmenistandan_owganystana_elektrik_geçirilip_başlandy
Owganystanyň elektrik boýunça milli kompaniýasy Türkmenistandan Owganystanyň günbatar we demirgazyk welaýatlaryna ýaňadan elektrik geçirilip başlandy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 03, 2018 18:47 Asia/Ashgabat
  • ýaňadan Türkmenistandan Owganystana elektrik geçirilip başlandy

Owganystanyň elektrik boýunça milli kompaniýasy Türkmenistandan Owganystanyň günbatar we demirgazyk welaýatlaryna ýaňadan elektrik geçirilip başlandy.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä elektrik barada Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda gol çekilen ylalaşygyň möhletiniň tamamlanmagy we täze bahasynyň üstündäki oňuşmazlyklar babatly iki gün mundan ozal Türkmenistandan Owganystana geçirilýän elektrik kesilipdi we şu gün bolsa ýaňadan Türkmenistandan Owganystana elektrik geçirilip başlandy.

Türkmenistan bilen owganystanyň resmileri elektrik baradaky kynçylyklaryny çözmek üçin gepleşikleri geçirendirler emma oňa garamazdan Owganystandan ýokary derejeli bir topar elektrikiň bahasyny belli etmek üçin Türkmenistana sapar etjekdir.

Türkmenistan döwleti Owganystana satýan elektrikiniň bahasyny bir kilo wat sagat başyna 2 sent-den 4 sent-e ýetirilmegini isleýändir.

Aşgabat döwleti hoşniýetli goňşyçylyk we ynsanpwerwer ýörelgeleri esasynda 10 ýyl bäri elektrikiniň bahasyny ýokarlandyrandäldir.