TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i11624-tÜrkmenistanyŇ_we_owganystan_yslam_respublikasynyŇ_daŞary_iŞler_ministrleriniŇ_telefon_arkaly_sÖhbetdeŞligi_geÇirildi
15-nji maýdа Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 16, 2021 18:18 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

15-nji maýdа Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ministrler şu ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly gepleşiginiň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de, söhbetdeşligiň dowamynda ministrler käbir sebitleýin we halkara meselelere seretdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin ýokary derejedäki gepleşikleriň işjeň dowam etdirilmeginiň derwaýyslygy nygtalyp geçildi.