Owganystan-Türkmenistan serhedinde dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen ýerli ýaşaýjylar bu sebitden çykdylar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i12396-owganystan_türkmenistan_serhedinde_dartgynlylygyň_güýçlenmegi_bilen_ýerli_ýaşaýjylar_bu_sebitden_çykdylar
Owganystan bilen Türkmenistanyň serhedinde Talyban bilen Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyk güýçleneni soň, ýerli ýaşaýjylar sebitiň käbir ýerlerinden gaçdylar.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jul 09, 2021 23:53 Asia/Ashgabat
  • Owganystan-Türkmenistan serhedinde dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen ýerli ýaşaýjylar bu sebitden çykdylar

Owganystan bilen Türkmenistanyň serhedinde Talyban bilen Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyk güýçleneni soň, ýerli ýaşaýjylar sebitiň käbir ýerlerinden gaçdylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; Türkmen ofiserleri maşgalalaryny Owganystan bilen serhetdeş ýerlerden has howpsuz ýerlere iberýärler.

Owganystan-Türkmenistan serhedindäki ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Owganystanyň Sorhtabad we Turgundi obalarynda ýarag sesleri eşidilipdir.

Ondan öň Owganystanyň metbugat gullugy TOLOnews Türkmenistan bilen serhetdäki Owganystanyň Badgis welaýatynda Talyban bilen hökümet güýçleriniň arasynda agyr söweşiň dowam edýändigini habar berdi.

Talybanyň hüjümleri we öňe gitmegi, ABŞ we NATO goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagynyň möhletiniň yglan edilmegi bilen zamandaş sebitde aladalary döredendir.