Türkmenistanyň Daşary işler ministri Daşkentde Ýewropa Bileleşiginiň wekili bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i12498-türkmenistanyň_daşary_işler_ministri_daşkentde_Ýewropa_bileleşiginiň_wekili_bilen_duşuşdy
Sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin daşary syýasatyň giňeldilmegi we utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Daşkentde Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 16, 2021 10:05 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministri Daşkentde Ýewropa Bileleşiginiň wekili bilen duşuşdy

Sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin daşary syýasatyň giňeldilmegi we utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Daşkentde Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow EUB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terri Hakal bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we sebitdäki soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

Özbegistan sapary wagtynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Täjigistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleri bilen duşuşyp, sebitdäki, esasanam Owganystandaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.