TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN BOÝUNÇA DOHADA GEÇIRILÝÄN HALKARA DUŞUŞYGA GATNAŞÝAR
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i12916-tÜrkmenistanyŇ_wekiliÝeti_owganystan_boÝunÇa_dohada_geÇirilÝÄn_halkara_duŞuŞyga_gatnaŞÝar
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de «Таliban» hereketiniň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça halkara duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde bolýar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 13, 2021 09:16 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN BOÝUNÇA DOHADA GEÇIRILÝÄN HALKARA DUŞUŞYGA GATNAŞÝAR

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de «Таliban» hereketiniň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça halkara duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde bolýar.

Arasynda BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň wekilleri bolan duşuşyga gatnaşyjylar parahatçylyk hereketiniň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtaýarlar. Owganystanda kabul ederlikli we hakyky syýasy kadalaşdyrmanyň gazanylmagy boýunça işjeň çäreleriň ählisine goldaw bermegi dowam etdirmek babatynda taraplaryň berk ygrarlylyklary tassyklanyldy.

Doha şäherine saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti şeýle-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirýär.