TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ SEBITLERINI ELEKTRIK ENERGIÝASY BILEN ÜPJÜN ETMEGINI DOWAM EDÝÄR
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i13110-tÜrkmenistan_owganystanyŇ_sebitlerini_elektrik_energiÝasy_bilen_ÜpjÜn_etmegini_dowam_edÝÄr
Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 26, 2021 10:22 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ SEBITLERINI ELEKTRIK ENERGIÝASY BILEN ÜPJÜN ETMEGINI DOWAM EDÝÄR

Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça 500 kW ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirilmeginiň işjeň tapgyrynda alnyp barylýar.