TÜRKMEN-OWGAN SERHEDINDÄKI GGN-LARYNYŇ BÖKDENÇSIZ IŞI ÜPJÜN EDILÝÄR
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i13112-tÜrkmen_owgan_serhedindÄki_ggn_larynyŇ_bÖkdenÇsiz_iŞi_ÜpjÜn_edilÝÄr
Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 26, 2021 10:33 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMEN-OWGAN SERHEDINDÄKI GGN-LARYNYŇ BÖKDENÇSIZ IŞI ÜPJÜN EDILÝÄR

Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär.

Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär. 

Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär.

Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owganystana eksport edilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny arzanladandygyny hem bellemek zerurdyr.