TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i13460-tÜrkmenistanyŇ_prezidentiniŇ_tÄjigistan_respublikasyna_iŞ_sapary_baŞlandy
Şu gün, 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 17, 2021 18:12 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.