Täjigistan bilen Türkmenistanyň prezidentleriniň duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i13502-täjigistan_bilen_türkmenistanyň_prezidentleriniň_duşuşygy
Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri ŞHG sammitiniň çäginde iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 18, 2021 16:51 Asia/Ashgabat
  • Täjigistan bilen Türkmenistanyň prezidentleriniň duşuşygy

Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri ŞHG sammitiniň çäginde iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Duşanbe şäherinde geçirilen Şanhaý sammitine gatnaşan türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdy. Rahmon öz çykyşynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyny aýtdy.

Iki lider senagat, oba hojalygy, transport we haryt üstaşyr ugurlary boýunça Täjigistan-Türkmen gatnaşyklarynyň ösüşi, Täjigistana ýük daşamak üçin türkmen portlarynyň ulanylmagy barada pikir alyşdylar we medeni we gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Iki tarap şeýle-de sebitdäki howpsuzlyk meselelerini, Owganystandaky harby we syýasy ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar we uruşa uçran bu ýurtda dartgynlygyň çalt we parahatçylykly çözülmegini islediler.