BAE nebit kompaniýalarynyň Türkmenistandaky täsirini giňeltmekleri
BAE nebit kompaniýasy “Dragon Oil” üznüksiz işlemek bilen 2026-njy ýyla çenli Türkmenistanda gündelik önümçiligini 160,000 barrelden 300,000 barrele çenli ýokarlandyrmakçydyr.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Emiriniň "Dragon Oil" kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory "Ali Raşid Al-Jarwan" bu barada şeýle diýdi: Dünýäde, şol sanda Türkmenistanda-da täze mümkinçilikler döretmek arkaly durnukly ösüş maksatlarymyza ýetmegi maksat edinýäris.
Al-Jarwan -yň aýtmagyna görä, bu kompaniýa ýakynda Türkmenistan bilen 400 million dollarlyk şertnamasyny ýene 10 ýyl uzaltdy.
Bu bir ýagdaýdadyr welin ondan öň Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet nebit kompaniýasy we Şweýsariýa-Gollandiýa Witol kompaniýasy Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly ýylda bir million tonna türkmen nebitini Türkiýä eksport etmek barada ylalaşdylar.