Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i13772-gurbanguly_berdimuhamedowyň_Özbegistan_respublikasyna_resmi_sapary_başlandy
4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapar başlandy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 05, 2021 13:56 Asia/Ashgabat
  • Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapar başlandy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy geçiriler. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. 

Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler. Oňa iki döwletiň döwlet we hususy edaralarynyň wekilleri gatnaşar. 

Forumyň barşynda söwda gatnaşyklary giňeltmek, eksport we import, bilelikdäki täze kärhanalaryň döredilmegi, maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.