Oct 29, 2021 16:34 Asia/Ashgabat
  •  Türkmen bilen Talyban resmileri TOPH gaz geçirijis barada gürrüň etdiler

TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenleriň Kabuldaky ilçisiniň Owganystanyň magdan ministri bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň Kabuldaky ilçisi Haja Öwezow we Owganystanyň magdan ministri Muhammet Issa Ahund dürli ikitaraplaýyn ykdysady taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

"Talyban" Owganystany ele geçirenden soň, Talybanyň Katardaky syýasy edarasynyň metbugat sekretary Muhammet Sohail Şahin bu toparyň TOPH we demir ýol ýaly uly taslamalar bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.

2015-nji ýylyň başynda Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Kataryň Talyban ofisiniň başlygy Şir Muhammet Abbas Stanekzaýy taslamanyň howpsuzlygy barada pikir alyşmak üçin Aşgabat şäherine çagyrdy.

Owganystan serhedinden 150 km uzaklykda ýerleşýän Mary welaýatynyň "Türkmen Galkynyş" ýatagyndan uzynlygy 1814 km we kuwwaty 30 milliard kub metr bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy Hyratdan soň günorta Farah,  Helmand we Kandahar welaýatlaryndan soňra Pakistana we Hindistana baryp ýetýär.

Tags