Aziýanyň Ösüş Banky tarapyndan TOPH gaz üpjünçiligi taslamasynyň durmuşa geçirilmegi togtadyldy
(last modified Wed, 09 Mar 2022 10:20:31 GMT )
Mar 09, 2022 15:20 Asia/Ashgabat
  • Aziýanyň Ösüş Banky tarapyndan TOPH gaz üpjünçiligi taslamasynyň durmuşa geçirilmegi togtadyldy

Aziýanyň Ösüş Banky, Owganystandaky Talybannyň wagtlaýyn hökümeti ykrar edilýänçä, TOPH gaz üpjünçiligi taslamasyny togtatjakdygyny mälim etdi.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy 1397-nji ýylda Türkmenistanda tamamlandy. bu  gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metr bolup, dört ýurda - Türkmenistan, Owganystan, Päkistan we Hindistan bu taslamada girdeji getirýär.

Turbageçirijiniň uzynlygy 1814 km bolup, Türkmen gazyny Owganystandan Pakistana we Hindistana iberýär.

Türkmenistandan, Owganystandan, Päkistandan we Hindistandan ýokary wezipeli adamlar 1396-nji ýylyň Esfand aýynda TOPH taslama şertnamasyna gol çekdiler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Aziýanyň Ösüş banky düýn sişenbe güni Owganystandaky Talyban hökümeti halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýänçä TOPH taslamasynyň üstünde işlemejekdigini habar berdi.

TOPH gaz üpjünçiligi taslamasynyň köpüsi Owganystandan geçýär.

Tags