TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16038-tÜrkmenistanyŇ_prezidentiniŇ_we_bmg_niŇ_baŞ_sekretarynyŇ_arasynda_telefon_arkaly_sÖhbetdeŞlik
2022-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
(last modified 2022-03-18T03:43:11+00:00 )
Mar 18, 2022 08:43 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2022-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň Milli Lideri halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda Türkmenistanyň Prezidenti öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi meýilleşdirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly ünsi hem-de bilelikdäki netijeli işi üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň  Milli Lideri soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ulag hem-de energetika, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek ýaly wajyp ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berlendigi nygtaldy.

 Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara gurama we onuň düzümleýin edaralary bilen özara gatnaşyklaryň durnuklylygyň, parahatçylygyň, dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, öz nobatynda, Türkmenistanyň prezidentini giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlary bilen gutlady. Bu saýlawlar Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Antoniu Guterriş şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesindäki 15 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasyny goldandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, hormatly Arkadagymyz tarapyndan alnyp barlan ugry dowam etdirjekdigini, BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşleri üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna hem-de dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşjakdygyna ynandyryp, BMG-niň Baş sekretaryna berk jan saglygyny, jogapkärli halkara işinde üstünlikleri arzuw etdi.