Türkmenistanyň Owganystan bilen ykdysady alyş-çalyşlaryny artdyrmaklyga berýän ünsi
(last modified Thu, 31 Mar 2022 12:52:51 GMT )
Mar 31, 2022 17:52 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Owganystan bilen ykdysady alyş-çalyşlaryny artdyrmaklyga berýän ünsi

Owganystanyň daşary işler ministrleriniň Hytaýyň Tunşi şäherinde geçirilen üçünji ýygnagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri goňşy ýurtlar bilen Kabul arasynda ykdysady alyş-çalyşlary ösdürmegiň we Owganystanda durnuklylygy we howpsuzlygy dikeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hytaýdan Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow şu günki ýygnakda Owganystandaky dikeldiş işlerine şaýatlyk edip we has berk ylalaşyga gelip boljakdygyna yşarat edip öňki iki mejlisde Owganystanyň goňşulary arasynda utgaşdyrmak üçin gowy we berk binýady gurup bildiler, indi bolsa uly ädim ätýärler diýdi.

Meredow şeýle-de dürli krizisler bilen ýüzbe-ýüz bolýan Owganystana halkara jemgyýetçiligine goşulmak üçin kömek edilmelidigini aýdyp utgaşdyryjy toparyň döredilmegini we gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary derejeli diplomatlarynyň agza bolmagyny teklip edýändigini nygtap; Owganystanyň goňşulary hökmünde möhüm bir wezipämiz bar we köp tagalla etdik, emma bu ýurtda durnuklylygy we howpsuzlygy dikeltmek üçin utgaşdyrmalar güýçlendirilmelidir diýdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystany durnuklaşdyrmak üçin üç meselä ünsi jemläp täze owgan hökümetine ähli derejelere we dini we etnik toparlara wekilçilik edip biler ýaly, tutuş ýurt boýunça barlyşygy üpjün etmek üçin syýasy taýdan kömek edilmelidigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Raşid Meredow, Talyban işgärleriniň halkara jemgyýetçiliginiň isleglerine has köp üns bermelidigini aýtdy.

Tags