Özbegistanyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy telefon arkaly söhbetdeşlikde dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmegini nygtadylar.
2021-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda alyş-çalşygy 881 million 900 müň dollar derejesinde bolup, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarlandy.
Häzirki wagtda Özbegistanda dürli ugurlarda Türkmen maýadarlarynyň maýa goýumlary bilen 160 kompaniýa işleýärler.
Fars habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä Özbegistanyň prezidenti Şaukat Mirziýýow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Bardimohamadow iki ýurduň arasyndaky dostlugy, ynamy, goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu telefon söhbetdeşliginde, 14-nji we 15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi sapary we şu ýylyň 20-nji we 21-nji oktýabrda Özbegistan Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäginde gazanylan ýokary derejeli şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini nygtadylar.