Jan 08, 2023 11:36 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar strategiki derejä çykarylýar

Resmi Hytaý metbugaty Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa saparyny iki ýurduň hyzmatdaşlygy we hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak baradakyiki tarapyň berk yradasynyň alamaty hasaplady.

Pekine giden Türkmeniň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen bolan duşuşygynda iki hökümetiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmak we Pekin bilen Aşgabadyň arasynda strategiki we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşinde ikitaraplayyn gatnaşyklaryny ösdürmek islegi barada aýtdy.

  IRNA-nyn“Global Times” gazetine salgylanyp beren habaryna gora Synçylar bu strategiki täzelenişiň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze sepgit bolandygyny aýdýarlar.

Analitikler: Türkmenistanyň Taýwan meselesinde Hytaýa aýgytly goldaw bermegi iki ýurduň durnuklylygyny we özara dostlugyny görkezýär.

Şeýle hem, Aşgabat we Pekin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge synanyşýarlar, bu maksat bilen Türkmenistan Respublikasynyň prezidenti "Serdar Bardimohamadow" 5-nji we 6-njy ýanwarda Hytaýa bardy.

Türkmenistanyň we Hytaýyň liderleriniň ýygnagyndan soň ýaýradylan bilelikdäki beýannama görä, taraplar energiýa, aragatnaşyk innowasiýalary, hyzmatdaşlygyň mehanizmleri we sebitdäki parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek üçin bilelikdäki kepillikler babatynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Ondan öň Türkmenistan Respublikasynyň prezidenti we Hytaýyň Goranmak ministri "Wei Fenghe" hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak we harby hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak isleýändiklerini mälim etdiler.

Tags