Jan 29, 2023 16:47 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň we Pakistanyň häkimiýetleriniň TOP we TOPH baradaky maslahaty

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Pakistanyň Nebit we Energetika ministri bilen ýangyç we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi "Atajan Möwlamow" Pakistanyň nebit we energetika ministri "Hurram Dastgir Han" bilen duşuşanda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçiriljekdigini we Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygyny yglan etdi.

Dastgir Han, bu taslamalaryň Pakistanyň energiýa howpsuzlygy üçin ähmiýetine yşarat edip Yslamabat bu bilelikdäki energiýa maksatnamalaryny doly goldaýar we olaryň çalt durmuşa geçirilmegine gyzyklanýar diýdi.

Şeýle hem, taraplar iri bilelikdäki taslamalaryň - TOPH we TOP-yň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin yzygiderli ýygnaklaryň we ikitaraplaýyn saparlaryň geçirilmeginiň möhümdigini aýtdylar.

Hasabata görä, bu duşuşykda türkmen we pakistan resmisi iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Tags