Ekstremizmiň öňüni almakda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i20366-ekstremizmiň_öňüni_almakda_türkmenistan_bilen_birleşen_milletler_guramasynyň_arasyndaky_hyzmatdaşlyk
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Türkmenistanyň Zähmet we Durmuş Goragy Ministrligi bilen bilelikde Aşgabatda we bu ýurduň bäş welaýat merkezinde ekstremizmiň öňüni almak üçin konferensiýa geçirdi.
(last modified 2023-01-30T01:37:39+00:00 )
Jan 30, 2023 06:37 Asia/Ashgabat
  • Ekstremizmiň öňüni almakda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Türkmenistanyň Zähmet we Durmuş Goragy Ministrligi bilen bilelikde Aşgabatda we bu ýurduň bäş welaýat merkezinde ekstremizmiň öňüni almak üçin konferensiýa geçirdi.

27-nji ýanwarda bu taslamanyň çäginde Türkmenistanyň milli hyzmatdaşlary bilen tegelek stol geçirildi, bu ýerde jemgyýetçilik forumlary arkaly ýaşlar taslamalaryna goldaw, ýaş nesliň möhüm sosial kararlara gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu konferensiýa gatnaşyjylar, ministrlikleriň we bölümleriň wekilleri, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary, sebitleriň we paýtagtyň häkimleri, şeýle hem geňeşçi toparlaryň agzalary ekstremizmiň öňüni almakda. wezipeli adamlaryň, jemgyýetçilik ýolbaşçylarynyň we maşgala agzalarynyň roluny ara alyp maslahatlaşdylar.