Eýranyň Medeniýet ministri: Eýran bilen Türkmenistan giňişleýin gatnaşyklary ösdürmäge çynlakaý çemeleşýärler
Eýranyň Medeniýet ministri, Eýranyň we Türkmenistanyň ähli taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we syýasy, jemgyýetçilik we medeni gatnaşyklary giňeltmek baradaky çynlakaý islegini yglan etdi.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň medeni günleri we senetçilik sergisini açmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine giden Eýranyň Medeniýet ministri Muhammet Mahdi Esmaili sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşanda iki ýurduň arasynda medeni memoranduma gol çekilmegine yşarat edip, şeýle diýdi: Aşgabatda Eýranyň medeni hepdeliginiň döredilmegi iki tarapyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we syýasy, jemgyýetçilik we medeni gatnaşyklary giňeltmek baradaky çynlakaý islegini görkezýär.
Esmaili şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy gatnaşyklary, esasanam dostlukly we dogan ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini elmydama garşy alýar we bu Eýranyň prezidentiniň daşary syýasat ugrundaky açyk sargydydyr diýdi.
Raşid Meredow hem Eýran Yslam Respublikasyna şol ýurtda medeni hepdäni geçirendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we şeýle diýdi: Medeni gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirýär, sebäbi Eýran bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy üçin örän oňat esas hasaplanýan taryhy gatnaşyklar we umumy däp-dessurlar bar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda: Eýranyň medeni hepdeliginiň dabarasynda türkmen halkynyň bolmagy türkmenleriň Eýranyň däp-dessurlary, medeniýeti we taryhy bilen gyzyklanýandygyny görkezdi we soňky 31 ýylda iki dostlukly dogan ýurtlar özara hyzmatdaşlyk üçin gowy işler etdiler diýdi.