Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
(last modified Sat, 04 Mar 2023 04:37:11 GMT )
Mar 04, 2023 09:37 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Baku şäherinde duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu sammite gatnaşmaga çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutany şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hemişe uly üns berýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň syýasat, ykdysadyýet, söwda, ynsanperwer ulgamlarda ýokary derejedäki ýola goýlan döwletara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda bilelikdäki tagallalary edýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde, Döwlet Baştutanlary häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ählumumy parahatçylygy saklamak we goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy göreşmek, durnukly energetika, ulag ulgamlaryny üpjün etmek, suw howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde özara düşünişmegiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, taraplar häzirki zamanyň şu we beýleki meselelerini sebit derejesinde çözmekde hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn ugurlarynyň döwrebap hem-de netijeli ugurlar bolup durýandygyny tassykladylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu gatnaşyklar ýokary depginde ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň nygtaýyşlary ýaly, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Söhbetdeşler saglygy goraýyş we bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler.