"Gurbanguly Berdimohamedow" bilen Täjigistanyň prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky meselä geçmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigine ünsi çekdi. Şunda iki ýurduň döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda syýasy erkiň hem-de özara gyzyklanmanyň hemişe möhüm şert bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň barha okgunly we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Ýokary derejedäki yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de gatnaşyklar muňa oňyn ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigi nygtaldy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali we Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen geçiren duşuşyklarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Olaryň barşynda taraplaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasynda däp bolan gatnaşyklary berkitmegiň möhüm şerti bolan parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygy beýan edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iki ýurduň halkara giňişlikde, iri halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň derejesine kanagatlanma bildirdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony we Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.