Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i22730-türkmenistanyň_prezidenti_bilen_Özbegistanyň_prezidentiniň_arasynda_gepleşikler_geçirildi
2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin bu ýurda gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
(last modified 2023-08-05T04:38:11+00:00 )
Aug 05, 2023 09:38 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin bu ýurda gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.

Iki goňşy döwletiň Prezidentleri geçiriljek üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýkäk hem ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.