Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşyk boldy
Birleşen Milletler Guramasyndaky Türkmenistanyň we Braziliýanyň hemişelik wekilleri ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler.
“Fars” habar gullugynyň habarçysynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň we Braziliýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilleri Aksoltan Ataýewa we Serjio Fransiýa Daniz duşuşyp, pikir alyşdylar.
Nýu-YorkorkdakyTürkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilhanasynda geçirilen bu duşuşykda iki tarap iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem halkara guramalarynyň, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde özara gatnaşyk barada pikir alyşdylar.
Türkmen we Braziliýaly diplomatlar bu gepleşikleriň başga bir bölüminde BMG-nyň garamagynda işleýän guramalarynyň ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlarynda zerur goldaw bilen baglanyşykly wariantlar, şeýle hem 2024-nji ýylyň başynda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri barada pikir alyşdylar.