Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
(last modified Thu, 07 Mar 2024 04:54:05 GMT )
Mar 07, 2024 09:54 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany bu ýurduň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ÝHHG ýaly iri halkara düzüm bilen gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu gurama bilen gatnaşyklary okgunly häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň 4-nji martda Aşgabatda bolan duşuşygynyň bu ulgamda netijeli dialogy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Munuň özi Türkmenistanyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda köptaraply hyzmatdaşlygy alyp barmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Geçen ýylyň dekabrynda Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmegi munuň subutnamasy bolup durýar. Ýene bir mysal hökmünde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanda bu guramanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy bilen çykyş edendigini bellemek bolar.

Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmakda ÝHHG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy tassyklanyldy.

Energetika hem geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany bu ýurduň energiýa serişdelerine baý bolmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, olary üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň anyk ugurlar boýunça bu gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.