Jul 28, 2018 19:17 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Demirgazyk Koreanyň hyzmatdaşlyklary ösdürilýär

Türkmenistan bilen Demirgazyk Koreanyň daşary işler ministrleriniň gepleşiklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministrniň orunbasary Wepa Hajyýew Demirgzyk Korea gurnan saparynda bu ýurdyň daşary işler ministrniň orunbasary Sin Hang çal bilen duşuşyp Aşgabat bilen Piong-ýang döwletleriniň syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi barada gürrüň etdi.

iki tarap bu duşuşykda Türkmenistan bilen Demirgzyk Korea milletleriniň dostlygynyň çuňlaşdyrylmagy we köpugurly hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtap geçdiler.

Türkmenistan bilen Demirgazyk Koreanyň resmileri iki ýurdyň söwda hyzmatdaşlyklarynyň ylaýtada energiýa we tranzit hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi üçin hukuky mümkinçilikleriň döredilmegine ykjamdyklaryny yglan etdiler.

Tags