Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i4754-owganystanyň_prezidentiniň_türkmenistana_sapary
2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen bardy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 20, 2019 10:03 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary

2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen bardy.

Saparyň çäklerinde 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyk meýilleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekki ösüşi barada pikir alyşarlar. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.